Indi ýyldyzlary synlamak höwesjeň astronomlar üçin has-da elýeterli bolar. «Beaverlab» kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasy höwesjeňler üçin niýetlenen ilkinji teleskop hasaplanylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Ykjam programmaly astrokamera» atly makalada habar berildi.
Täze hödürlenen tehnologiýanyň — astrokameranyň fokus derejesi 500 mm bolan obýektiw hem-de 29x optiki ulaltmasyny şertlendirýän F6.1 enjamy bilen üpjün edilmegi teleskobyň mümkinçilikleriniň möhüm bölegidir. «Finder TW2» astrokamerasy 48MP ölçegde surata düşürmäge hem-de 4K nusgada wideo almaga ukyplydyr. Şunlukda, emeli aň tehnologiýasy reňkleri sazlamak we durulygy kämilleşdirmek arkaly şekiliň hilini awtomatik ýagdaýda ýokarlandyrar.
Dolandyrmak we astronomiki maglumatlary almak üçin 5 dýuýmlyk duýgur ekran, uzakdan dolandyryjy we «Beaver Point» ykjam programmasy onuň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär