Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan her ýylyň 13-nji oktýabrynda bellenilýär. Ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1989-njy ýylyň 22-nji dekabryndaky kararyna laýyklykda, Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça 1990-1999-njy ýyllar üçin halkara onýyllygyň çäginde bellenildi.
1999-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy bu senäni her ýylyň oktýabr aýynyň ikinji çarşenbesinde betbagtçylygyň öňüni almak, olary azaltmak we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça dünýä medeniýetini wagyz etmek üçin gurallaryň biri hökmünde Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni hökmünde bellemegi dowam etdirmek kararyna geldi.
2009-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Baş Assambleýa 64/200 karary bilen 13-nji oktýabry Betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni diýip üýtgetdi. Günüň maksady, adamlaryň betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak üçin edýän hereketlerine düşünmekden ybaratdyr. Tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara strategiýa, ilkinji nobatda, öňüni alyş meselesiniň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek we tebigy, daşky gurşaw hem-de adam pidasy bolmak howpy abanýan ilaty we jemgyýetleri terbiýelemekden ybaratdyr.
Seýsmiki taýdan durnuksyz yzygiderli ýer titremelerine esasan Kawkaz, Merkezi Aziýa, Ýaponiýa we Hytaýyň käbir sebitleri sezewar bolýar. Orta hasap bilen tebigy betbagtçylyklar günde 184 adamyň ýogalmagyna getirýär. Döwletler betbagtçylyk töwekgelçiliginiň öňüni almak we azaltmak üçin göreş çärelerini ýokarlandyrsa, millionlarça adamyň halas bolmagy mümkin. Ilaty dürli betbagtçylyklardan goramak dünýäniň ähli döwletleri üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Betbagtçylyklayň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni BMG tarapyndan her ýyl kesgitlenen mowzuk boýunça geçirilýär. Olara “Daglyk sebitleriniň durnukly ösüşi üçin töwekgelçiligi azaltmak”, “Geljekki howplara garşy göreşmek üçin häzirki betbagtçylyklara garşy göreşmegiň tejribesini öwrenmek”, “Betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak heniz mekdepde başlaýar”, “Tebigy betbagtçylyklar wagtynda hassahanalaryň howpsuzlygy: töwekgelçiligi azaltmak, hassahanalary goramak, jany halas etmek”, “”Durmuşa çydamlylyk”, “Durmuş bilimi”, “Howpsuz ojak: tebigy betbagtçylyga garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak, göçýänleriň sanyny azaltmak”, “Tebigy betbagtçylyk sebäpli, ykdysady çökgünligi azaltmak” “Tebigy betbagtçylyklary we ýitgileri azaltmak boýunça ösýän ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlyk” ýaly ýyllar boýunça atlandyrylan mowzuklary mysal getirmek bolar.
Röwşenbek ORUNOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby