Beýik Britaniýanyň alymlary hapa suwlardan zyýanly «hemişelik himiki maddalary» aýyrmagyň innowasion usulyny oýlap tapdylar. Olar hapalanan suwdan birnäçe sagadyň içinde himiki maddalaryň 75%-ni aýryp bilýän keramiki gözenekleri taýýarladylar. Bu barada «The Chemical Engineering Journal» neşiri habar berdi.
Täze tehnologiýa PFAS molekulalary bilen baglanyşýan indiý oksidiniň goşulmagy bilen 3D printerde çap edilen keramiki monolitleri ulanýar. Birnäçe sagat hapalanan suwa çümdürilen bu monolitler himiki serişdeleriň uly bölegini ýok edýärler.
Ýaýbaňlandyrylan synaglaryň barşynda keramiki gözenekleriň üç sagadyň dowamynda perftorooktan kislotasynyň 53%-ni ýok etmäge ukyplydygy ýüze çykdy. Keramiki gözenekleriň gaýtadan ulanylmagy bolsa onuň arassalaýyş netijeliligini 75%-e çenli ýokarlandyrdy.
Bilermenler täze oýlanyp tapylan usulyň PFAS hapalanmagyna garşy göreşmek üçin täsirli we gaýtadan ulanylýan çözgüt hökmünde suw arassalaýyş ulgamlaryna möhüm goşundy bolup biljekdigini nygtaýarlar.