Bilermenler 5 ýyldan 10 ýyla çenli sürlen we şu wagtyň dowamynda ygtybarlylygyny görkezen ulaglaryň sanawyny düzdüler. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabryndaky №36 (6270) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Iň ygtybarly ulaglar» atly makalada habar berildi.
Sanawda öňdeligi ýaponlar — «Lexus» we «Toyota» eýeleýär. Iki kompaniýa hem uzak wagtyň dowamynda ygtybarlylygyň ýokary derejesini görkezip gelýär.
Täzelenmelere garamazdan, «Lexus» we «Toyota» ulaglaryna girizilen üýtgeşmeler düýpli häsiýetlerini, bu bolsa olaryň ömrüniň uzak boljakdygyny kepillendirýär.
Mümkin bolan 100 baldan 75 utuk alan «Lexus» sanawda birinji orny eýeledi. 72 utuk toplan «Toyota» bolsa ikinji orunda ýerleşipdir. Şeýle-de, ulanylan iň ygtybarly ulaglaryň ilkinji bäşligine «Mazda» (59 utuk), «Acura» (57 utuk) we «Honda» (55 utuk) girýär.