Bütindünýä standartlar güni, her ýylyň 14-nji oktýabrynda bellenilýär. Bu sene halkara we bitewi ülňüleri döretmek bilen baglanyşykly hereketleriň ähmiýetine adamlaryň ünsüni çekmek we onmüňlerçe hünärmeniň goşandyny bellemek üçin döredilen halkara senedir. Standartlaşdyrma belli bir ugurda iň amatly tertip derejesine ýetmek üçin ülňüleri işläp düzmek, neşir etmek we ulanmakdyr. Ol sebitleýin (geografiki we ykdysady sebitler derejesinde) we halkara bolup biler.
Bütindünýä standartlar gününiň senesi ýöne ýere saýlanmadyr. 1946-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Londonda dünýäniň 25 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda standartlaşdyrmak üçin milli guramalaryň konferensiýasy açyldy. Bu konferensiýa häzirki wagtda 160-dan gowrak milli standart guramasyny öz içine alýan Halkara standartlaşdyryş guramasyny (HSG) döretdi. Bütindünýä standartlar güni 1970-nji ýylda HSG-nyň Prezidenti Faruk Sunteriň başlangyjy bilen dünýäniň ähli ykdysadyýetleri üçin standartlaşdyrmagyň ähmiýetini görkezmek we onmüňlerçe standartlaşdyryjylara hormat goýmak üçin girizilipdir.
Standartlaşdyrma – bu belli bir ugurda peýdalary we ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda, esasanam, amatly şertleri we howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek bilen ählumumy optimal tygşytlylygy gazanmak maksady bilen düzgünleri döretmek we ulanmakdyr. Standartlaşdyrmagyň obýektleri ylymda, tehnologiýada, senagat we oba hojalygynyň önümçiliginde, gurluşykda, ulagda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda ulanylýar, gaýtadan ulanmak maksatly aýratyn önümler-kadalar, talaplar, usullar, terminler, bellikler we ş.m. milli ykdysadyýetiň, şeýle hem halkara söwdasynyň ugurlary bolup durýar.
Standartlaşdyrma ösüş depginine we önümçilik derejesine ep-esli derejede täsir edýär. Ylmyň, tehnologiýanyň we amaly tejribäniň soňky gazananlaryna esaslanyp, köp babatda standartlaşdyrmak diňe bir gazanylan önüm derejesini kesgitlemän, eýsem ylym we tehnologiýanyň ösmegine itergi berýän zatlaryň biridir. Şonuň üçin bu senäni her ýyl bellemek belli bir mowzuga bagyşlanýar, ol üç sany global guramanyň wekilleriniň bilelikdäki karary bilen saýlanýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby