Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ata Watanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat ýörelgelerine esaslanyp, dünýäde ynamly we abraýly hyzmatdaş hökmünde tanaldy. Ýurdumyz, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hökmünde bellenilmegi bilen, bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde täze ädimler ädýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, halkara giňişlikde parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Bu ýörelge, ýurduň daşary syýasatynyň esasy özenini emele getirýär we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara hormatyň berkemegine uly goşant goşýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeldi. Söwda, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet we sport ýaly möhüm ulgamlarda ylalaşyklaryň baglaşylmagy, halkara forumlarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilendigini görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudagynda daşary ýurtly maýa goýumlary çekmek, täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we oba hojalygynda döwrebap tehnikalary ornaşdyrmak ýaly işler diplomatik gatnaşyklaryň netijesidir.
Diplomatik gatnaşyklary ösdürmek diňe ykdysadyýet bilen çäklenmän, halkymyzyň medeni ösüşine hem uly goşant berýär. Daşary ýurtlar bilen baglanyşyklar ýurdumyzyň bilim merkezlerinde okuw mümkinçiliklerini giňeldýär, ýaş alymlarymyz halkara bilim forumlaryna gatnaşyp, öz bilim we tejribelerini artdyryp bilýärler. Şeýle hem sport we medeniýet ulgamynda geçirilen bilelikdäki taslamalar, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürýär we Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrýar.
Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti energetika, saglyk we innowasiýa pudaklarynda hem aýdyň görünýär. Täze energetika taslamalary, saglyk we sanitar merkezleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, tehnologik innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy diplomatik hyzmatdaşlygyň gönüden-göni netijeleridir. Şeýle çäreler, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrýar we geljege ynamly gadam basmaga mümkinçilik döredýär.
Daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi diňe syýasy ugur bolman, eýsem ýurdumyzyň geljegini ösdürýän, halkymyzyň bagtyýar we parahat ýaşamagynyň esasy şertlerini döredýän möhüm ädimdir. Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýly orny, parahatçylykly daşary syýasaty we hyzmatdaşlyk ýörelgesi diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň rowaçlygy üçin hem berk binýat döretdi.
Aýperi Maksatmyradowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Bedenterbiýe hünäriniň 114-nji toparynyň talyby



