Bütin dünýäde döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk, parahatçylyk we ösüşiň bähbidine guralan aragatnaşyklar häzirki döwrüň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtlar bilen ýola goýulýan ylymda, bilimde, ykdysady we syýasy aragatnaşyklar diňe bir halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmän, eýsem, dünýäniň ähli döwletleriniň bir-birine bolan ynamyny we hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär.
Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan, halkara aragatnaşyklar arkaly täze mümkinçilikleri öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyzyň döreden daşary syýasat ugrunyň dowamçysy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem bu ugurda ýene-de täze üstünlikleri gazanmak üçin esasy tagallalary edýär. Türkmenistan, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, we ösüşiň orny hökmünde, dürli ýurtlar bilen halkara giňişliginde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Ylym we bilim her bir jemgyýetiň, döwletiniň esasy baýlygy, ösüşiniň düýpli esasydyr. Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleri bilen ylymda we bilimde hyzmatdaşlygy güýçlendirýändigini görmek bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary we ylym-barlag merkezleri halkara ylym-gözleg işlerine gatnaşyp, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlary bilen köptaraply ylym-gözleg hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikler giňelýär.
Ýaşlarymyzyň bilim almagy üçin döredilen mümkinçilikler, halkara gatnaşyklarynyň netijesinde, täze pähim-paýhasly nesilleriň emele gelmegine itergi berýär. Bu aragatnaşyklar diňe bir bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň arasynda dost-doganlyk, kär-hünär we ylymda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär.
Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi, daşary ýurtlardan maýa goýumlarynyň çekilmegi, şol sanda daşary söwda ulgamynyň giňeldilmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň, şol sanda ykdysady, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatlaryň, ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.
Bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň esasyny goýýan ýurduň syýasy durmuşynyň ösüşi dünýä döwletleri bilen deňderejede gatnaşyklarynyň berkemegine we giňelmegine mümkinçilik döredýär. Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlar, sammitler, döwletara gepleşikler netijesinde, beýleki döwletler bilen syýasy hyzmatdaşlyk has-da ýokary derejä ýetirilýär.
Bular, döwletleriň arasynda dost-doganlyk we yhlasly hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan, öz garaýyşlaryny öňe sürüp, diňe bir özüni däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy goldaýar. Şeýlelik bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek, bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar.
Şeýlelik bilen, daşary ýurtlar bilen ylymda, bilimde, ykdysady we syýasy aragatnaşyklar halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun tutýar.
Ýagmurowa Kamila Atamyradowna,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy