Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji prezidenti wezipesine girişdi. Kasam içmek üçin Amerikanyň 16-njy prezidenti Abraham Linkolnyň Injilini ulandy.
Tramp: «Amerikanyň altyn asyry şu wagt başlaýar, şu günden başlap gülläp ösüp başlarys» -diýdi.
Tramp, prezidentlik wezipesini ak ýürekden ýerine ýetirmäge we ABŞ-nyň konstitusiýasyny goramaga kasam etdi.
Açylyş dabarasyna Jo Baýden we öňki wise-prezident Kamala Harris gatnaşdy. Kapitoliniň binasynda geçirildi. Bu çärä öňki prezidentler Barak Obama (2009-2017), Bill Klinton (1993-2001), Jorj Buş Jr. (2001-2009), öňki Döwlet sekretary Hillary Klinton hem gatnaşdy.