Hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan «Dreame Technology» kompaniýasy «Roboticmower A1» atly robotlaşdyrylan ot orujy tehnologiýasyny hödürledi. Bu barada «3dnews.ru» elektron neşiri habar berdi.
«Roboticmower A1» — ulanyjylary gatyşdyrmazdan, otlara ideg etmegiň häzirki zaman çözgüdi. «Roboticmower A1» otlary ormak üçin niýetlenendir. Ol bu işi giňligi 22 sm, beýikligi bolsa 3 — 7 sm bolan ýüzýän orakly diski ulanmak arkaly amala aşyrýar.
Pesde ýerleşdirilen hereketli tigirler enjamyň dürli derejeli ýer çylşyrymlylygyndan we dykyz ösümlikler bilen gazonyň üstünden aňsatlyk bilen geçmegine mümkinçilik berýär, şol sanda 45% eňňitli ýa-da 24° çenli burçly ýerleri, hatda gaty otlary hem orýar. Kuwwatly işlemegi üçin «Roboticmower A1» tehnologiýasy güýçli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Elektron oruş «Roboticmower A1» tehnologiýasynda otlaryň beýikligini sazlamaga, islenýän derejäni takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ol orlan otlary dessine aýyrmak bilen meýdanyň arassalygyny-da utgaşdyrýar.