Dünýämiz ajaýyp we geň galdyryjy, ömrümizde iň bolmanda bir gezek görmäge mynasyp syrlardan we ajaýyp ýerlerden dolydyr. Hiç kimiň biperwaý galmajak iň owadan ýerleriň sanawy:
Ýyldyzlar deňzi (Maldiw adalary)
Waathu adasynda gün ýaşandan soň ajaýyp bir görnüş peýda bolýar — deňiz ýüzü ýüzlerçe parlak ýyldyzlara öwrülýär. Şeýle täsire bioluminesensiýa diýilýär. Energiýa ýalpyldawuk nokatlar görnüşinde haýwan organizmlerinden çykýar.
Uly suw deşigi (Beliz)
Uly gök deşik diňe bir dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary we çümdürijileri däl, eýsem gözlegçileri hem özüne çekýär. -Žak-Iwu Kustonyň kömegi bilen meşhur boldy. Tebigat tarapyndan döredilip, guýguç görnüşine eýe (305×150 metr). Bu ajaýyp we geň galdyryjy ýer, Merkezi Amerikanyň Beliz şäherinde ýerleşýär.
Çžanýe Danksia-nyň reňkli gaýalary (Hytaý)
Hytaýyň kiçi Gansu welaýatynda takmynan Mezozoý döwründe (145 — 66 million ýyl ozal) emele gelen gaýalar bar. Ajaýyp we surata meňzeş gaýalar çökündi gaýalardan (saklanýan ýerlerden) we gyzyl reňkli çäge daşlaryndan durýar
Olaryň aýratynlygy, köp reňkli bolmagydyr. Gyzyl, mämişi, sary, gyrmyzy, gök, çal we beýleki reňkleri birleşdirýärler. Bu täsin tebigy döredijilik Bütindünýä mirasynyň sanawynda.
Hitachi milli seýilgähi (Hitachi deňiz kenary) (Japanaponiýa)
Bu ajaýyp seýilgäh Hitatinakada ýerleşýär. 90-njy ýyllaryň başynda ABŞ-nyň goşun bazasynyň ýerleşýän ýerinde açyldy. Häzirki wagta çenli seýilgähiň meýdany 120 gektary eýeleýär. Hitachida, Ýuwaş ummanyň giňişligini görüp bilersiňiz, ondan başga-da, seýilgähde nerkesiň, sakuranyň, çigildemleriň, gülelegiň we liliýalaryň ysy gelýär.
Buzlugyň aşagyndaky buz gowagy (ABŞ)
Alýaskada 12 km uzynlykdaky buzlukda buz gowagy bar. Aýratynlygy, daşky görnüşini her ýyl üýtgedýär. Gowakdaky buz kem-kemden ereýär, netijede çeşmeler peýda bolýar.
Wiktoriýa şarlawugy (Zambiýa we Zimbabwe)
Şarlawukyň özboluşlylygy diňe bir gözelliginde däl. Ol dünýädäki iň beýik we iň giň şarlawuklaryň biri (beýikligi 1000 metr we ini 1 kilometrden gowrak). Syýahatçylara onuň gyralaryndan ýöremäge rugsat berilýär. Wiktoriýa şarlawugy Günorta Afrikanyň esasy syýahatçylyk ýerleriniň biridir.
Kapadokiýa (Türkiye)
Alymlaryň pikiriçe, ajaýyp kanýonlar, gowaklar bilen wulkan emele gelişleri Miladydan öňki 5 müňýyllykda döräpdir. Kapadokiýa iň meşhur we şöhratly syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýar.
Bu howa şar uçuşlary üçin iň meşhur ýer. Dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylar bu ýere daň bilen şar bilen asmana çykmak we guş uçuşyndaky beýiklikden ajaýyp tebigaty görmek üçin gelýärler.
Çigildem meýdanlary (Gollandiýa)
Apreliň ikinji ýarymyndan 10-njy maýyna çenli Gollandiýadaky çigildem meýdanlary hoşboý yslydyr. Guş uçuşyndaky beýiklikde göreniňde güller ajaýyp reňkli üýtgemeler döredýär. Ak, sary, gyzyl, gyrmyzy we hatda gök çigildemler planetanyň dürli künjeklerinden syýahatçylary çagyrýar. Iň uly meýdanlar Demirgazyk deňziniň kenarynda we gury köl ýanynda Amsterdamyň golaýynda ýerleşýär.
Söýgi tuneli (Ukraina)
Riwnen sebitinde, kiçiräk ilatly Klewan punktynda hoşboý ysly gök öwüsýän söýgi tuneli bar. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlarynyň şahalarynyň örülmesiniň tunel şekillini almagy netijesinde emele gelip, söýgilileriň halaýan we jübütleriň toý suratyna düşülýän ýerine öwrüldi..
Jadyly guýy (Braziliýa)
Baiýada (Braziliýanyň demirgazyk-gündogarynda) Milli seýilgähde özboluşly guýy bar. Çuňlugy 36 metr bolup, şol bir wagtyň özünde düýbünde ownuk daşlary görmek bolýar. Gün guýynyň içine şöhle saçyp başlanda, doýgun gök öwüsýär. Syýahatçylara iýun we iýul aýlarynda günortana golaý tomaşa etmek maslahat berilýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl ýyl talyby