Weather Data Source: wetterlabs.de
Eýran Ýeriň orbitasyna hemrasyny çykardy - Dünýä - Gorogly.com

Eýran Ýeriň orbitasyna hemrasyny çykardy

Eýranyň hökümeti ýerli «Nur-2» hemrasyny üstünlik bilen äleme goýberdi we ony Ýer togalagynyň töweregindäki orbita çykardy. Bu barada sişenbe güni IRIB teleradiogepleşikler korporasiýasy habar berdi. 

Goýberiş üçin tizligi 6,7 km/s ýetýän üçbasgançakly raketagöteriji ulanyldy. Hemra 480 sekundyň dowamynda 500 km daşlykdaky orbita çykaryldy. Hemrany goýbermek ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Şahrud (Imamşahr) şäheriniň sebitindäki çölde amala aşyryldy.

Eýranyň hökümeti birnäçe ýylyň dowamynda kosmos maksatnamasyny ösdürmegiň üstünde işleýär. Tähran 2023 ýyldan soň «Soruş» raketasynyň kömegi bilen hemralary 36 müň km. beýiklige, ýagny geosinhron orbita çykarmaga mümkinçilik alar diýip, 2020 ýylyň 6 fewralynda Eýranyň kosmos agentliginiň baştutany Morteza Barari mälim edipdi.

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий