Gazagystan Respublikasy halkara maýadarlary öz ýurduna çekmekde möhüm ädimi ädýär. Ýurduň Daşary işler ministrligi maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak we uzakmöhletleýin işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen maýadarlar wizasyny almak boýunça täze düzgüni tassyklady diýip, Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
Täze düzgüne laýyklykda, Gazagystanyň kompaniýasynyň ýa-da ýerli gymmat bahaly kagyzlaryň esaslyk maýasyna 300 müň ABŞ dollaryndan az bolmadyk maýa goýan daşary ýurt raýatlary maýadar wizasyny almaga elektron ýüztutmalaryny tabşyryp bilerler. “Altyn wiza” diýip at alan bu wiza 10 ýyla çenli ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga täze mümkinçilikleri açýar.
Bu maksatnamanyň işe girizilmegi daşary ýurt maýadarlary üçin durnukly we özüne çekiji ýagdaýlary döretmek bilen, olaryň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün edýär we ýurduň ykdysadyýetine bolan ynamy berkidýär. Täze maksatnama daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, maýa goýumlary goramakda we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Gazagystanyň strategik ugruny görkezýär.
Täze girizilen üýtgetmeler bu baradaky resminama metbugatda çap edilenden soň 10 gün geçenden soň güýje girýär.
“Altyn wiza” maksatnamasy kabul edilýän ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary goýandyklary üçin daşary ýurt maýadarlaryna we olaryň maşgalalaryna wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek üçin döredilen resmi düzgünnamadyr. Şeýle maksatnamalar Ýewropanyň, Aziýanyň, Karib deňziniň we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň birnäçesinde hereket edýär.