Yssy-Kölüň kenarynda gurlan täze bäş ýyldyzly “Baku” myhmanhanasynyň dabaraly açylyşy Gyrgyzstanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň we Azerbeýjanyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl iş saparynyň çäginde geçirildi.
Bu dabarada Hormatly prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri we Azerbeýjan döwletiniň prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdy.
Döwlet liderleri myhmanhana toplumynda döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdylar. Toplumyň dynç alyş we halkara çärelerini geçirmek üçin niýetlenendigi bellenildi.
“Baku” myhmanhanasy 17,2 gektar meýdanda ýerleşýär, umumy meýdany takmynan 30 müň inedördül metrdir. Toplumda 120-den gowrak otagy bolan ýedi gatly bina, şeýle hem suw howdany, suw seýilgähi, sport we güýmenje infrastrukturasy bar.


