2002-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy (57/129) karary bilen 29-njy maýy Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara parahatçylygy goraýjylaryň güni diýip yglan etdi. Soňky ýyllarda ony her ýyl üýtgeýän umumy mowzuk bilen birleşdirilen wakalar bilen bellemek kararyna gelindi.
Bu sene, bütin dünýäde hyzmat edýän parahatçylygy goraýjy güýçlere hormat goýmak üçin niýetlenendir. 1948-nji ýylyň bu gününde Birleşen Milletler Guramasy «BMG-niň ýaraşyk şertleriniň ýerine ýetirilişiniň gözegçiligi gullugy» diýlip atlandyrylan parahatçylyk missiýasy ilkinji gezek öz işini Palestina döwletinde başlady.
BMG-niň häzirki parahatçylygy goraýyş amallary barha çylşyrymlaşýar we köptaraply bolýar, olar köplenç dargamak howpy astyndaky ýurtlary dikeltmek meselesini çözýärler.
Şu gün, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Baş sekretar BMG baýdagy astynda gulluk eden parahatçylygy goraýjy güýçleriň hatyrasyna gül desselerini goýulýar. Mundan başga-da, bu gün, parahatçylygy goraýjy güýçlere medal gowşurmak dabarasy geçirilýär.
BMG-niň parahatçylygy goraýyş amallary bu güni öz bähbitlerini goraýan ýerli jemgyýetler bilen gatnaşyklary berkitmek üçin ulanýar. Missiýalar sport çärelerini, sungat we edebi ýaryşlary, surat sergileri, arassalaýyş, agaç nahallary, konsertler, parahatçylygy goramak boýunça konferensiýalary we seminarlary gurnaýar.
Rezolýusiýada BMG-niň parahatçylygy goraýjy ýaragly güýçlerine dünýäniň goldamagy esasynda 1988-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanandygy bellenilýär.
Häzirki wagtda Parahatçylygy goraýyş bölümi tarapyndan dolandyrylýan 18 hereketde 72 müňden gowrak harby we 15 müň raýat gullukçylary zähmet çekýärler.
Atadurdy ÝAZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby