«Huawei» kompaniýasy dünýäde ilkinji üç panelden ybarat eplenýän smartfonyny tanyşdyrjak senesini yglan etdi. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabryndaky № 36 (6270) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Üç ekranly smartfon» atly makalada habar berildi.
Smartfon 10-njy sentýabrda Hytaýda tanyşdyrylar. Ýeri gelende bellesek, bu wakadan bir gün öň «Apple» täze «iPhone» smartfonlaryny tanyşdyrar.
Maglumatlara görä, enjam «Kirin 9000S» prosessory bilen üpjün ediler. Gurluş üç modully kamera we inçe korpusa eýe bolar. Häzirki wagtda bu tehnologiýanyň üstünde birnäçe iri şereketleriň zähmet çekýändigi nygtalýar.