Hytaý 2050-nji ýyla çenli arassa energiýa öndürmek üçin termoýadroly sintez tehnologiýasyny ulanyp biler.
Energiýanyň düzümi
Hytaýda «Emeli gün» diýilýän tokamak bolup aşa gyzdyrylan plazma we ýangyç birleşme reaksiýalaryny saklamak üçin güýçli magnit meýdanlaryny ulanýar. 2023-nji ýylda tehnologiýany ösdürmek üçin 240 million dollarlyk maýa goýumlary çekildi.
Bu ugurda öňe gidişlik
Häzirki wagta çenli diňe ABŞ, Russiýa we Günorta Koreýa ýaly birnäçe ýurduň termoýadroly sintezi öwrenmekde möhüm öňegidişlik gazanylandygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, Hytaý bu ugurda öňdebaryjylardan biri bolmak üçin ylmy we tehniki tagallalaryny artdyrýar.
Termoýadroly sintez gözleglerinden başga-da, Pekin kiçi elektrik reaktorlarynyň önümçiligini we adaty ýadro elektrik stansiýalarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Mehanizmiň gurluşy
Termoýadro sintezi- ýeňil atom ýadrolarynyň has agyr ýadrolara öwrülmegidir we bu işde köp mukdarda energiýa goýberýär. Bu mehanizm Günüň we beýleki ýyldyzlaryň işleýşine esaslanýar.
Atom ýadrolarynyň bölünmegine esaslanýan adaty ýadro energiýasyndan tapawutlylykda termoýadro reaksiýasy radioaktiw galyndylary öndürmeýär we tükeniksiz energiýa çeşmesidir.
Narkulyýewa Çynar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji kurs talyby