Şu ýylyň iýun aýynyň jemleri boýunça toplanan maglumatlara görä, Hytaýyň internet ulgamyndan peýdalanýan ilatynyň sany 1 milliarddan geçdi. Has takygy, bu görkeziji 1,1 milliard adama golaýlady. Bu barada Hytaýyň internet tory habarlar merkeziniň maglumatlaryna salgylanyp, «Report» habar berdi.
Çeşmede bellenilişine görä, Hytaýda internet ulgamynyň täze ulanyjylarynyň ýarsyna golaýyny ýa-da 49 göterimini 10 — 19 ýaş aralygyndaky ilat emele getirýär.
Mundan başga-da, habarda Hytaýda gysga wideoşekilleri hödürleýän mobil goşundylaryň giň meşhurlyga eýe bolýandygy bellenilýär. Häzirki wagtda şeýle mobil goşundylaryň hyzmatyndan ýurtdaky umumy internet ulanyjylaryň 37,3 göterimi peýdalanýar.