Ýokary töwekgelçilikli platformalar
ABŞ-nyň Variety neşiriniň habar bermegine görä, gadaganlyk YouTube, TikTok, X (öňki Twitter), Facebook, Instagram, Threads, Roblox oýny we Bigo Live striming hyzmaty ýaly ýokary töwekgelçilikli platformalara degişli bolar.
Çäklendirmeler tapgyrlaýyn giriziler we ýaş boýunça tapawutlandyrylar. 13 ýaşa çenli çagalar diňe öz ýaş toparlaryna laýyklaşdyrylan sosial torlary we beýleki platformalary ulanyp bilerler.
13 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalar diňe pes töwekgelçilikli hyzmatlara we diňe ene-atalarynyň razylygy bilen girip bilerler.
Jeza çäreleri ýaş ulanyjylara ýa-da olaryň ene-atalaryna däl-de, eýsem platformalaryň özlerine garşy ulanylar.
Dünýä meýilleriniň çäginde
Indoneziýa häkimiýetleriniň çagalaryň sosial ulgamlara elýeterliligini çäklendirmek boýunça äden ädimi, bu babatda çagalaryň 16 ýaşyna çenli sosial ulgamlardan peýdalanmagyny kanun taýdan gadagan eden we düzgüni bozan platformalara 22,4 million dollara çenli jerime salýan dünýäde ilkinji ýurt bolan Awstraliýadan soňra amala aşyryldy.
Indoneziýa ýetginjekleriň internete elýeterliligini çäklendirmek boýunça berk çäreleri görmegi ýokary derejede ara alyp maslahatlaşýan ýurtlaryň artýan sanawyna goşuldy. Fransiýa, Daniýa, Gresiýa we Ispaniýa bu babatda degişli çäreleri Ýewropa Bileleşiginiň derejesinde kabul etmegi talap edýärler. Şeýle çäreler Beýik Britaniýanyň we Hindistanyň häkimiýetleri tarapyndan hem gözden geçirilýär.



