Italiýaly inženerler zibilleri ýygnajak dört aýakly robot döretdiler. Tozan sorujy bilen enjamlaşdyrylan robot tekiz bolmadyk ýerlerde hereket etmäge, päsgelçiliklerden geçmäge ukyplydyr. Bu barada «МИР24» habar berdi.
Tigirli robotlar baryp bolmaýan ýerlerdäki zibilleri ýygnap bilýär. «VERO» — arassalaýjy robot. Ol Italiýanyň Genuýadaky Tehnologiýa institutynyň inženerleri tarapyndan işlenip düzüldi. Dört aýakda hereket edýän gezelenç roboty itiň mümkinçiliklerine esaslanýar. Robotyň arkasyna tozan sorujy oturdyldy, sorujy turba bolsa onuň aýagyna dakylýar. Ilki bilen, robot nerw ulgamyny ulanmak bilen, töweregi gözden geçirýär. Ýerde ýatan zibilleri anyklap, olary ýygnamagyň ugruny kesgitleýär, soňra belli bir zibil bölegine ýakynlaşýar, sorujy turbany oňa gönükdirýär we tozan sorujyny işledýär.
Gözlegçiler bu tehnologiýany tejribehanada we meýdan şertlerinde, şol sanda deňiz kenarynda, şäher köçelerinde, senagat meýdançasynda we tebigatda synagdan geçirdiler. Robot özüni peýdaly tehnologiýa hökmünde görkezdi we berlen tabşyryklary doly ýerine ýetirdi.