Reformistleriň tarapyndan çykyş edýän dalaşgär, Eýran Yslam Respublikasynyň öňki saglyk ministri Masud Pezeşkian Eýranyň prezidentligi üçin geçirilýän nobatdan daşary saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Saýlaw merkeziniň resmi wekili Mohsen Eslaminiň sözlerine salgylanýan «TASS» habar berýär.
Hasaba alnan 30,530 million býulleteniň uly bölegi Pezeşkianyň tarapynda boldy. Ol 16,384 million ses aldy — bu bolsa umumy sesleriň azyndan 53,6 %-ine deňdir.
Pezeşkiýanyň garşydaşy Said Jalili 13,538 million ses aldy — 44,3%.
«TASS-yň» soňky maglumatlaryna görä, Eýranyň täze saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň kasam kabul ediş dabarasy bir hepdäniň dowamynda bolup biler.
Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle-de Eýranyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarydyr işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.