Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy we olary gazanan uly üstünlikleri – Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolmaklary bilen gutlady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldy.
«Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary» dünýä boýunça birnäçe gezek ýeňişlere we baýraklara eýe boldy munuň subutnamasy hem 2015-nji ýylda Gyrgyzystan döwlet sirkinde 2-nji ýer, 2017-nji ýylda Aziada ýapyk göreş sungaty boýunça geçirilen aziýa çempionlygynda öz haýran galdyryjy hereketleri bilen çykyş etmegi, 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda Sank-Peterburg şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda sirk sungaty boýunça 1-nji ýer, 2025-nji Monokanyň knýazlygynda Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty boýunça 1-nji ýere mynasyp boldular. Bu buýsandyryjy wakalar hem her bir Türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, şa serpaýyna mynasyp boldular. 1 milliard amerikan dollary we 120 müň Türkmen manady bilen sylaglandylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi tarapyndan 10 günlük awaza syýahatçylyk zolagynda dynç almana mümkinçilikler sowgat hem berildi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Geldiýew Ýunus