«DotNext 2024» — .NET-de programma berýänleriň hemmesi üçin iň uly rus konferensiýasy. 2024-nji ýylyň 10–11-nji sentýabr aralygynda Moskwada onlaýn görnüşde geçiriljek bu konferenýanyň guramaçysy — «JUG Ru Group» topary. Bu barada «it-world.ru» neşirinde habar berildi.
«DotNext 2024» halkara konferensiýasynyň maksatnamasy — platforma barada nutuklary, JIT, arhitektura, howpsuzlyk, başarnyklyk, ösüş gurallary, «best practices» we .NET täzelikleri öz içine alýar.
Konferensiýada iş ýüzünde derrew ulanyp boljak materiallar köp bolar. Şeýle hem, özbaşdak ýagdaýda täze tanyşlary taparsyňyz hem-de iş meselelerini, hyzmatdaşlaryň ugurlaryny we aragatnaşyk ulgamyny göni ýaýlymda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik bolar.
Nutuklardan başga-da, konferensiýada «Т-Банк», «Билайн», «Mindbox», «PVSStudio», «Контур», «Ozon», «Microsoft» we şm dürli kompaniýalaryň spikerleriniň gatnaşmagynda seminarlar, ussatlyk sapaklary, söhbetdeşlikler we tegelek stollar bolar.
DotNext programmasy yzygiderli täzelenýär. Bu we petekler baradaky jikme-jik maglumatlar bilen konferensiýanyň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.