Halkara kosmos we astronomiýa äleminde ulanylýan kämil gözleg ulaglary we köpçülikleýin ylym çäreleri barada möhüm maglumatlar paýlaşyldy. NASA gullugy 12-nji awgustda Demirgazyk ýarymşaryň birnäçe sebitinde bolup geçjek doly Gün tutulmasy (Total Solar Eclipse) öz resmi platformalarynda göni ýaýlymda görkezjekdigini yglan etdi.
Görünjek ýerleri we ilkinji ylmy synaglar
Doly Gün tutulmasy Grenlandiýada, Islandiýada, Russiýanyň demirgazygynda, Atlantik ummanda, Ispaniýada we Portugaliýanyň bir künjeginde doly görner. Şeýle hem ABŞ-nyň bir böleginde, Kanadada, Ýewropada we Demirgazyk-Günbatar Afrikada bolsa bölekleýin Gün tutulmasy synlanar.
NASA bu astronomiki çäre wagtynda möhüm ylmy synaglary hem geçirer:
WB-57 Uçary: Güne degişli täze maglumatlary toplamak üçin NASA-nyň WB-57 ýokary beýiklikli gözleg uçary Aýyň kölegesini yzarlar.
Ylmy Şarlar: Islandiýa we Ispaniýa iberilen talyplar tarapyndan Gün tutulmasynyň Ýeriň atmosferasyna edýän täsirini öwrenmek üçin ýörite ylmy şarlar uçurylar.
Google-dan Gün tutulmagy üçin ýörite garaşylmadyk animasiýa
Google ulanyjylaryň işjeňligini artdyrmak we möhüm kosmos hadysalaryna ünsi çekmek üçin gözleg netijelerine käwagt ýörite animasiýalary goşýar. 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda boljak Gün tutulmasyndan öň, (en- ‘solar eclipse’) açar sözli bilen gözleg geçirilende, tutulma bilen baglanyşykly ýörite animasiýa görnüp başlady. Şeýle täsiriň rus dilindäki “солнечное затмение” gözleg sözünde-de hereket etmegi, Google-yň bu astronomik hadysa berýän ähmiýetiniň global derejededigini görkezýär. Ulanyjylar gözleg netijelerine seredenlerinde, olary tutulma hadysasyny janlandyrýan — Aýyň Günüň öňünden geçişini görkezýän gysga animasiýa garşylaýar; bu bolsa olara ýakynlaşyp gelýän kosmos hadysasyny has täsirli we hakyky ýaly duýmaga mümkinçilik berýär.
Göni ýaýlymyň wagty we synaglar
NASA-nyň göni ýaýlymy ABŞ-nyň gündogar wagty bilen (Eastern Time) 12-nji awgustda sagat 13:15-de başlar. Islandiýada doly tutulma sagat 13:45-de, Ispaniýada bolsa 14:28-de görnüp başlar. Ýaýlym wagtynda hünärmenler sosial media arkaly berilýän soraglara hem jogap bererler.


