Merkezi Aziýa sebiti sanly tehnologiýalar dünýäsinde täze bir sahypa açýar. Özbegistan, özüniň ilkinji milli emeli aň (AI) ulgamy bolan “BONU AGI” taslamasyny hödürledi. Bu taslama diňe bir sebitde däl, eýsem halkara metbugatynda-da uly gyzyklanma döretdi.
Milli aň-düşünjä esaslanýan ulgam
Özbegistanyň Kun.uz neşiriniň berýän maglumatyna görä, “BONU AGI” taslamasy adaty emeli aň modellerinden düýpli tapawutlanýar. Taslamany işläp düzüjiler, bu ulgamyň diňe bir maglumatlary gaýtalamak bilen çäklenmän, eýsem meselelere özbek halkynyň medeniýeti, taryhy we milli gymmatlyklary nukdaýnazaryndan çemeleşýändigini belleýärler.
Dünýä belli ChatGPT ýa-da Gemini ýaly modeller global maglumatlara esaslanýan bolsa, “BONU AGI” dil aýraMerkezi Aziýa sebiti sanly tehnologiýalar dünýäsinde täze bir sahypa açýar. Özbegistan, özüniň ilkinji milli emeli aň (AI) ulgamy bolan “BONU AGI” taslamasyny hödürledi. Bu taslama diňe bir sebitde däl, eýsem halkara metbugatynda-da uly gyzyklanma döretdi.Merkezi Aziýa sebiti sanly tehnologiýalar dünýäsinde täze bir sahypa açýar. Özbegistan, özüniň ilkinji milli emeli aň (AI) ulgamy bolan “BONU AGI” taslamasyny hödürledi. Bu taslama diňe bir sebitde däl, eýsem halkara metbugatynda-da uly gyzyklanma döretdi.tynlyklaryna doly düşünmek üçin ýöriteleşdirilen algoritmler esasynda taýýarlandy.
Halkara metbugatynda seslenme
Bu tehnologik ädim halkara derejesinde hem ünsden düşmedi. Beýik Britaniýanyň “London Post” gazeti bu waka bagyşlanan makalasynda, taslamany “Merkezi Aziýanyň tehnologik taýdan ösmegi” hökmünde häsiýetlendirdi. Neşir, öz milli emeli aň ulgamyny döretmegiň ýurtlaryň “sanly özygtyýarlylygy” (digital sovereignty) üçin möhümdigini nygtaýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, ýerli dilleri we medeni aýratynlyklary goldaýan emeli aň ulgamlarynyň döredilmegi, bilimden başlap saglygy goraýşa çenli köp ugurda täze mümkinçilikleri açar.




