Gadymy Rim taryh kitabynda diňe bir sahypa ornuny tutman, eýsem ol häzirki zaman dünýäsiniň medeniýetinde, syýasatynda, kanunçylygynda we gurluşyk inžinerçiliginde ýatdan çykmajak yz galdyran siwilizasiýadyr.
Rimiň gurluşyk inžinerçiliginde iň ajaýyp mysallaryndan biri olaryň ýollarydyr. “Ähli ýollar Rime eltýär” diýen meşhur söz düzümi diňe bir metafora däldir. Rimliler öz giň imperiýasynyň ähli burçlaryny birleşdirýän giň ýollary gurupdyrlar. Bu ýollar diňe bir adaty ýollar ýaly bolman, eýsem goşunlaryň, harytlaryň we maglumatlaryň çalt hereket etmegine mümkinçilik berýän ajaýyp pikirli işlenip düzülen ýollardyr.
Rim ýollarynyň syry:
Rim ýollarynyň çydamlylygynyň syry olaryň dizaýnyndadyr. Bu dizaýn sebäpli Rim ýollary ägirt uly ýüklere çydapdyr. Bu ýollar birnäçe gatlaklardan ybaratdyr:
- Aşaky gatlak (statumen): zeýden goranyş we durnuklylygy üpjün edýän uly daşlar bilen düzülen gatlakdyr.
- Orta gatlak (rudus): uşak daşlar bilen örtülen gatlakdyr.
- Ýokarky gatlak (summum dorsum ýa-da pawimentum): tekiz ýer bilen üpjün edýän uly daş plitalardan ybarat bolan üst gatlakdyr.
Häzirki wagtda bu ýollaryň üstünden müňlerçe ýyl geçen hem bolsa, köp Rim ýollary adamlara hyzmat etmegini dowam etdirýär. Mysal üçin, Italiýadaky Appian ýoly “Appian Way” (“Appia Antica”) syýahatçylyk ugry we bölekleýin awtoulag ýoly hökmünde ulanylýar. Bu bolsa rimlileriň öz ýollaryny näderejede gowy we ygtybarly gurandygyny aýdyň görkezýär.
Ýollardan başga-da gadymy Rim bize köp gymmatly miraslaryny galdyrypdyr:
Rim kanuny: Rim kanunlarynyň ýörelgeleri dünýäniň köp ýurtlarynyň hukuk ulgamlarynyň esasyny düzdi.
Arhitektura: Minaralar, gümmezler we sütünler ýaly Rim binagärlik elementleri häzirki wagtda gurluşykda ulanylýar.
Dil: Gadymy Rimiň dili bolan latyn roman dilleri dünýäniň beýleki köp dilleriniň ösmegine uly täsir edipdir.
Hökümet gurluşy: Rim hökümetiniň ýörelgeleri häzirki zaman demokratik institutlarynyň döremegine täsir etdi.
Taganbibi Çürjäýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby