S.P.Korolýow adyndaky Samara uniwersitetiniň talyby öýde bar bolan önümlerden haýsy tagamlary taýýarlap boljakdygyny awtomatik usulda hödürleýän programma döretdi. Bu maksatnama smartfonlar üçin niýetlenendir.
Ýaş hünärmen täze programmany «ChefAI» diýip atlandyrdylar. Ony ulanmak üçin smartfonyňyzyň kamerasyny sowadyjynyň tekjelerine öwürmek ýeterlik. Mundan başga-da, smartfonyňyzda azyk dükanyndan satyn alnan önümleri özünde jemleýän ýazgyly sanawy surata düşürmek arkaly hem ulanyp bilersiňiz. Ine, şondan soň maksatnama nerw ulgamyny ulanyp, dürli tagamlary taýýarlamak üçin zerur ugurlary saýlar we size ýetirer.
«ChefAI» öý naharyny meýilleşdirmek üçin serişde we wagt tygşytlamaga, şeýle hem sagdyn iýmitlenmäge ýardam eder. Programmada ulanylýan «süzgüç» ulgamy ulanyjylaryň dürli iýmitleniş endiklerini, mysal üçin berhiz, lukmançylyk çäklendirmeleri, käbir iýmitlere allergiýa ýaly täsirleri göz öňünde tutýar. Şeýle hem bu programma halklaryň milli däp-dessurlary esasynda iýmitlenmegi boýunça-da aýratynlyklary göz öňünde tutup, degişli iýmit häsiýetnamalaryny özünde jemleýär» diýip, Samara uniwersitetiniň täze programmany döretmäge gatnaşan wekili gürrüň berýär