Günorta Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «Ballie» atly täze tehnologiýasyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada «gazeta.ru» elektron neşiri habar berdi.
Günorta Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy tarapyndan hödürlenen tegelek görnüşdäki «Ballie» atly kömekçi robot öýe ygtybarly gözegçiligi ýola goýmak üçin ajaýyp tehnologiýadyr.
Üç tigirde hereket edýän «Ballie» kameralary we şöhläniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly wezipeleri kesgitleýär. Ol «akylly» öýüň yşyklandyryş, salkynladyş we ýyladyş mümkinçiliklerine gözegçilik etmek üçin ulanylyp bilner.
Mundan başga-da, enjam düşüren suratlaryny eýesine iberer we onuň uzak aralykdan smartfondaky programma arkaly wideo boýunça öýündäki wakalara tomaşa etmegine mümkinçilik döreder. Robot tekst buýruklary ýa-da ses bilen dolandyrylýar.
2020-nji ýylda görkezilen ilkinji nusgadan tapawutlylykda, täze «Ballie» diwarlara we potoloklara şekilleri taslamalaşdyryp bilýän proýektor bilen enjamlaşdyryldy. Bu enjam wideojaňlary hem guraýar.
«Samsung» kompaniýasynyň wekilleri täze önümiň eýesiniň talaplaryny öwrenmäge we has gowy ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän emeli aň tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandygyny belleýärler. Kompaniýa 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «Ballie» atly täze tehnologiýasyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.