«Samsung» kompaniýasy elýeterli «Galaxy A» we «Galaxy M» modelleri üçin möhüm täzelenmeleri çykardy. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabryndaky № 36 (6270) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Täzelenmä garaşýar» atly makalada habar berildi.
M146BXXS6CXH1 belgisi bilen belgilenen täzelenme «M» modelleri üçin, esasan, Aziýa yklymynyň döwletlerindäki ulanyjylara niýetlenendir. Bu täzelenme 50 töweregi näsazlyklary düzedýär we enjamyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar. Şeýle hem A52xxXXU9GXH1 belgili täzelenmeler Aziýa ýurtlarynda «Galaxy A52», «A52s» hem-de «A52 5G» smartfonlary üçin niýetlenen. «Galaxy A72» smartfony A725FXXU9FXH belgili täzelenme aldy, bu täzelenme hem enjamyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.