“SpaceX” amerikan kompaniýasy “Dragon” Arş gämisinde “Falcon 9” raketa göterijisini kömegi bilen Florida ştatyndan Halkara kosmos stansiýasyna syýahatlary gurap başlady.
Raketa göterijisi ABŞ-nyň gündogar kenar zolagynyň wagty bilen sagat 16:49-da işe girizildi. Ol Halkara kosmos stansiýasyna “Ax-3” diýlip atlandyrylan missiýany guraýar.
Ekipažyň düzüminde italýan uçarmany Walter Willadeý, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty, şwesiýaly Markus Wandt, şeýle hem Türkiýäniň ilkinji astronawty, harby uçarman Alper Gezerawçi bar.
Ekipaž düzüminiň syýahatyna “NASA-nyň” ozalky astronawty, şu gezekki missiýany guraýan “Axiom Space” kompaniýasynyň işgäri Maýkl Lopes-Alegriýa ýolbaşçylyk edýär.
Kosmos syýahatçylary orbitada iki hepde bolup, Halkara kosmos stansiýasynda ylmy işlere gatnaşarlar.



