2025-nji ýylyň 6-njy martynda SpaceX kompaniýsynyň Mars programmasy üçin ýokary derejede möhüm hasaplanýan 123 metr beýikligindäki Starship raketasy sekizinji gezek synag uçuşyny amala aşyrdy. Emma, uçuşdan takmynan 10 minut soň, raketanyň ýokarky basgançagynda ýüze çykan motor näsazlygy sebäpli partlama sezewar boldy.
Uçuşyň gidişi
SpaceX Starship raketasyny Florida şatatynda ýerleşýän Kennedy Kosmos Merkeziýnden üstünlikli uçurdy. Raketa ilkinji etapda dürli aerodinamiki synaglardan üstünlikli geçdi. Emma, ýokaryk galmagy dowam eden wagty, ýokarky basgançakda motor näsazlygy ýüze çykyp, SpaceX-iň uçuş merkezinden howply ýagdaý yglan edildi. Netijede, partlama bolup, raketa doly ýok edildi.
FAA we beýleki guramalar bilen baglanyşykly ýagdaýlar
ABŞ-nyň Federal Awiasiýa Administrasiýasy (FAA) bu partlamadan soň, SpaceX-iň geljekki uçuşlaryna wagtlaýyn çäklemeler girizdi. FAA tarapyndan berlen beýannamada, partlamanyň Florida howa giňişligine we howa menzillerine täsir edendigi nygtaldy. Bu hadysa sebäpli takmynan 240-den gowrak uçuş yza süýşdirildi ýa-da doly ýatyryldy.
SpaceX-iñ reaksiýasý
SpaceX-iñ ýolbaşçysy Elon Musk, hadysany «kiçi bir yza teslik» hökmünde häsiýetlendirip, geljekki synag uçuşlaryna taýýarlyk görjekdiklerini beýyän etdi. Onuň aýtmagyna görä, indiki Starship raketasý 4-6 hepdeden taýýar bolar we has ygtybarly tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylar.
Geljekki ädimler
SpaceX, bu hadysadan öwrenmek bilen geljekki Starship modellerinde tehniki gowulaşdyrmalary amala aşyrmagy maksat edinýär. Ýurduň kosmos pudagynda möhüm orun eýeleýän bu kompaniýa, Marsa adam ibermek maksady bilen Starship programmasyna uly umyt baglaýar.
Bu hadysa, SpaceX-iñ ösüş ýolundaky kynçylyklaryň bir bölegi bolup, geljekde has güýçli we ygtybarly raketalary ösdürmek ugrunda möhüm tejribe bolar.
Çäjekow Maksat
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby