«SpaceX» kompaniýasy 2026-njy ýylda ilkinji gezek Marsa uçuşyny «Starship» kosmos gämisi bilen ekipažsyz amala aşyrar. Bu barada «it-world.ru» neşirinde habar berildi.
«SpaceX» kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask 2026-njy ýylda «Starship» howa gämisiniň gonuşuny öwrenmek üçin Gyzyl planeta gitjekdigini aýtdy.
«SpaceX» kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask 2026-njy ýylda «Starship» kosmos gämisiniň Marsa ilkinji gonuşy üstünlikli bolsa, şondan soňky 4 ýylyň içinde ol ýere içi adamly kosmos gämilerini uçurmaga başlajakdygyny aýtdy. Ýer we Mars älemde her 26 aýda bir gezek uçuşlar üçin amatly orny eýeleýär.
«Uçuşlar başlansoň, bu ugurdaky işjeňligiň ösüşi örän çalt amala aşyrylar, özüni zerur zatlar bilen üpjün etjek Mars şäheriniň gurluşygy takmynan 20 ýyl dowam eder» -diýip belledi jenap Mask. Şeýle hem, adamzadyň köpugurly derejä eýe bolmagy bilen howpsuzlygynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny belläp geçdi. Çünki, Ilon Maskyň aýdyşy ýaly, iIndi ynsanyýetiň ýaşaýşy bir planetada bolmaz.