Dünýä

TÄZE ÝYL-ŞOWHUNLY BAÝRAM

Täze ýyl baýramçylygyna hem sanalgyja günler galdy, bu bolsa oňa taýýarlyk görmegiň wagty gelendigini aňladýar. Täze ýyl baýramçylygyny iň birinji Ýuwaş okeanyň Laýn adasynda ýerleşýän Kiribati respublikasy garşy alýar. Iň soňky garşy alýan Amerikanyň Midueý we Niue adalarynda ýerleşýän Samoa ilatydyr.

Täze ýyl ulularyň we çagalaryň iň söýgüli baýramlarynyň biriidir. Biziň ýurdymyzda täze ýyl iň söýgüli baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar.Täze ýyl agşamy hakykatdanam jadyly we ertekilerdäki ýaly täsindir.Şol gije diňe çagalar Aýaz babanyň sowgatlaryna garaşman, eýsem ulular hem iň gizlin arzuwlarynyň ýakyn ýyllarda hasyl boljakdygyna umyt edýärler.

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Ýyllar bizi kämilligiň, üstünligiň basgançaklaryna eltýär, bize bolsa diňe halal zähmet çekmek galýar.Täze ýyl biziň üçin üstünlige, şowhunlyga tarap açylan gapy bolup, biz oňa öz paýhasymyz, yhlasymyz bilen gadam basmalydyrys.Täze ýyl baýramy maşgala  baýramçylygydyr.Täze ýyl ähli ynsanlaryň ýüregine nur paýlap, arzuwlara besleýär.Bu baýramçylyk dünýäniň ähli ýerlerinde uly şatlyk bilen bellenilýär.Täze ýyl-ömrüň täze sahypa başlaýan güni,ol täze sahypa bolsa türkmeniň aýdyň geljegi altyn harplar bilen ýazylýar.Günleri gowulyga, bagtyýarlyga uzaýan türkmen döwletiniň geljegi-de bagtyýarlykdan, agzybirlikden nyşandyr.

Aýgül Sarykulowa

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň

34-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın