Dünýäniň iň iri tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň birine eýe bolan Türkmenistan, energiýa eksportyny diwersifikasiýa etmek we sebitdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň arasynda iň ähmiýetlilerinden biri hem Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisidir. Bu taslama diňe bir ykdysady gatnaşyk bolman, eýsem, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we döwletleriň arasyndaky dost-doganlygy berkitjek köpri hökmünde-de kabul edilýär.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky ilkinji pikir 1990-njy ýyllaryň başlarynda öňe sürüldi. 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan, Owganystan, Päkistan we Hindistan döwletleriniň gatnaşmagynda taslamany durmuşa geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. 2015-nji ýylda bolsa geçirijiniň gurluşygyna badalga berildi.
Taslamanyň esasy maksatlary şulardan ybarat:
- Merkezi Aziýanyň tebigy gazyny Günorta Aziýa bazarlaryna çykarmak;
- Sebitleýin ykdysady ösüşi höweslendirmek;
- Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;
- Sebit ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek.
TOPH gaz geçirijisi Galkynyş gaz käninden başlanyp, Owganystanyň Hyrat we Kandagar sebitlerinden geçip, Päkistanyň Kwetta we Multan şäherlerine barýar, soňra Hindistanyň Fazilka şäherinde tamamlanýar. Onuň umumy uzynlygy: 1,814 km-a barabar bolup, geçirijilik kuwwaty her ýylda 33 milliard kub metr gaz-a deňdir. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe.
TOPH: Sebitdäki durnuklylygyň we ösüşiň nyşany
TOPH taslamasynyň Owganystan üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu geçiriji diňe bir energiýa üpjünçiligini däl, eýsem, ýurduň ösüşini we ykdysady durnuklylygyny hem goldaýar. Taslama Owganystanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmäge we täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Päkistan we Hindistan üçin bolsa bu geçiriji uzak möhletleýin energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat eder. Türkmenistan üçin bolsa taslama täze eksport ugurlaryny açyp, ýurduň energiýa syýasatyny has-da güýçlendirer.
Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisi diňe bir ykdysady taslama bolman, eýsem, sebitde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etjek strategiki taslama hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Bu geçiriji, Günorta we Merkezi Aziýanyň energiýa hyzmatdaşlygyny täze derejä çykaryp, sebitiň halklaryny birleşdirýän dost-doganlygyň nyşanyna öwrüler.
Oguloraz Saparlyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy