Ýapon alymlary «Xanthomonas» bakteriýalarynyň kömegi bilen oba hojalyk ekinlerinde döreýän keselleri aýyrmagyň usulyny oýlap tapdylar. Olar ösümlik immunitetini basýan bir maddanyň sintezi üçin jogapkär bolan täze fermenti ýüze çykardylar. Bu açyş daşky gurşawa zyýan bermeýän täze, has täsirli we ygtybarly ösümlik gorag serişdesini döretmäge mümkinçilik berer. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Oba hojalygynda täze açyş» atly makalada habar berildi.
«Xanthomonas» bakteriýalary şaly, bugdaý we pomidor ýaly ekinlere düýpli täsirini ýetirdi. Bakteriýalaryň düzümindäki patogenler α-1,6 derejeli 1,2-glýukheksadekoza (CβG16) birleşmesini ulanmak bilen täsirini has-da güýçlendirýär.
Tokio Ylymlar uniwersitetiniň alymlarynyň «Xanthomonas campestris pv campestris» bakteriýasyndan CβG16α önümçiligi üçin tapan fermenti «XccOpgD» diýlip atlandyrylýar. Ol glikozid gidrolazynyň (GH186) maşgalasyna degişlidir we bakteriýanyň ösümliklere geçmegine mümkinçilik berýän çylşyrymly biohimiki yzygiderlilige gatnaşýar. Ylmy işgärler «XccOpgD-iň» CβG16α molekulasynyň emele gelmegine nähili gatnaşýandygyny öwrendiler. Olar fermentiň gurluş aýratynlyklaryny düýpli seljerdiler.
«XccOpgD» bakteriýalaryň öýjük diwarlarynyň degişli bölekleriniň işini kadalaşdyrmakda hem möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, bu fermentiň beýlekilere garanyňda has uly mümkinçiliklere eýelik edýändigi açyldy. Alymlar onuň ozal belli bolmadyk täsirini ýüze çykarmagy başardylar.