Ýaponiýanyň N-Ark kompaniýasy 2023-nji ýylyň tomsunda ägirt uly ýüzýän şäher gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Dogen şäheri diýlip atlandyryldy.
Geljekdäki şäheriň aýratynlyklary
Ýokardan seretseň Dogen şäheriniň diametri 4 kilometre barabar tegelek ýaly görüner, içinde dürli goşmaça gurluşlar ýerleşer. Tegelek şekil tötänleýin saýlanmady. Binagärleriň pikiriçe, bu görnüş sunamini hem öz içine alýan agyr howa şertlerine çydap biler.
Taslama adatça üç aýratyn ugra bölünýär:
Ýaşaýyş halkasy – esasy ýaşaýyş meýdanyny öz içine alýar;
Suwasty maglumatlary gaýtadan işleýän merkez – deňiz suwlary bilen tebigy ýagdaýda sowadylýar we şäheriň gözegçilik merkezlerini we lukmançylyk gözleg barlaghanalaryny öz içine alýar;
Emeli aýlagda, halka gurluşy bilen döredilen ýüzýän adalar.
Dogen şäheri 10,000 hemişelik ýaşaýjy we 30,000 syýahatçy üçin zerur ähli infrastruktura eýe bolar. Mekdepler, ofisler, hassahanalar, myhmanhanalar, sport meýdançalary, seýilgähler, stadionlar we başga-da köp desgalar bolar. Hatda raketalar üçin uçuş paneli barada-da gürleşilýär.
Hünärmenleriň pikiriçe Dogeniň ýaşaýjylary ýylda 2 million litr suw sarp eder, 7000 tonna töweregi iýmit iýer we 22 265 000 kWt elektrik energiýasyny ulanar. Elbetde, bu zerurlyklary doly kanagatlandyrmak aňsat bolmaz. Emma munuň nähili ediljekdigi entek belli däl.
Aşyralyýewa Dursunaý
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň dolandyrylyşy we guralyşy kafedrasynyň mugallymy O.Hallyýewanyň talyby




