Daşky görnüşi bilen meşhur bolan Tokionyň golaýyndaky dünýäniň iň kiçijik bag Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Seýilgähiň döreýşi
Seýilgäh 1988-nji ýylda guruldy we ony döretmek pikiri ýerli ýaşaýjylara degişlidir. Tokiolylar ABŞ-a sapary wagtynda Oregondaky Mill Ends Park atly kiçijik seýilgähi gördüler we ylham alyp, öz ýurtlarynda şuňa meňzeş rekord goýmagy karar etdiler.
Bagyň amatly gurşawda ýerleşmegi
Kiçijik bag çatrykda ýerleşýär we ozal bu ýerde hiç zat ýokdy.
Pyýadalar indi «gowulaşan meýdany» dynç alyş zolagy we awtobus duralgasy hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem, häzirki wagtda bu seýilgäh köp sanly jahankeşdäni özüne çekýär.
Seýilgähiň gurluşy
Seýilgähiň meýdany 0,24 inedördül metr bolup, iki bölek A3 kagyzyň ululygyna deňdir. Bagda hususy girelge, bir adam üçin kiçijik oturgyç we ot bar. Seýilgäh 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda şäher seýilgähi hökmünde resmi taýdan hasaba alyndy we uly meşhurlyga eýe boldy.
Ataýew Süleýman
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby