Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygynyň hem-de baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň nyşany astynda geçen 2024-nji ýyly ugradyp, Täze, 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik, şatlykly dabaralar bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Ýagşy umyt-arzuwlary kalbynda beslän mähriban halkymyz täze ýylda hem köp sanly uly ähmiýetli şanly wakalar garaşýar. Geçen 2024-nji ýyl Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna uly zähmet ýeňişleri, belent sepgitler we beýik başlangyçlar bilen girdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy » ýylynda ägirt uly taslamalar amala aşyrylyp, täze tutumlaryň binýady berkden tutuldy, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki halkara abraýy, belent mertebesi has-da ýokarlandy.
Özygtyýarly Watanymyzy ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň we halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp sanly iri desgalar guruldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda birnäçe ähmiýetli gurluşyklary we pagtadan, bugdaýdan bol hasyl alýan ýer eýeleriniň, şeýle hem ussat telekeçileriň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşýan goşandyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ulgamyny nazarlaýan bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň ösüşini bellemeklik diýseň guwandyryjydyr. Uly rowaçlyklara beslenjek Täze ýylda hem şeýle giň möçberli wezipeler dur.
Ähli ýerde şowhunly dabaralaryň we agzybirligiň jemlenmesinden emele gelen baýramçylyk şatlygy höküm sürýär, baýramçylyk çykyşlary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bagtdan paýly watandaşlarymyz birek-birege Täze ýyl mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan oňyn özgertmelerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Biz bagtyýar raýatlar, bilim işgärleri hem bu möhüm wezipeleriň, beýik başlangyçlaryň ýerine ýetirilmeginde geljegi uly bolan wezipeler hökmünde uly ruhubelentlik bilen çemeleşmelidiris. Şatlyk-şowhuna beslenen şu günki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň ähli künjekleri baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi. Köpöwüşginli, baý bezegi bolan, gyşky görnüşleri ýatladýan ajaýyp şekiller, dürli öwüşginli yşyklar, owadan täze ýyl arçalary özboluşly keşbi bilen göwünleri galkyndyrýar. Aýdym-sazyň joşgunly owazy, çagalaryň şadyýan gülki sesleri belentden ýaňlanýar.
Goý, Täze ýyl beýik maksatlara beslenip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ýurdumyza we tutuş türkmen halkymyza bagtyýarlyk, abadançylyk eçilsin! Goý, bosagamyzda duran 2025-nji ýyl agzybir halkymyz üçin rowaçlyklaryň we täze zähmet üstünlikleriniň ýylyna öwrülsin!
ÇEMEN KAKAÝEWA
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy