Angliýanyň Westminster uniwersitetiniň işgärleri tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijelerine görä, “Gorkunç filmler” bedeni güýçlendirip biler diýip çaklaýarlar. Elhenç filmlere tomaşa edenimizde, biz dürli duýgulary başdan geçirýäris.Käbir adamlar bu güýmenjäni ýigrenýärler, ýöne hakykatdanam saglygyňyza oňyn täsir edip biler. Gözegçileriň netijelerine görä:
Elhenç filmler böwrek üsti mäzlerini işledýär.Adrenaliniň gana bölünip çykmagy sebäpli stress garmonlarynyň işini basyp ýatyrýar.
Gorkunç filmler depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär.Adam depressiýa döwründe adrenaliniň peselmegini başdan geçirýär, garaňky duýgulary ele almaga mümkinçilik berýär.Şeýle-de bolsa gorkunç filmlere tomaşa etmek alada, umytsyzlyk we gynanç duýgularyny azaldar, tomaşa edende adama lezzet almaga mümkinçilik berer.
Sylvester Stallone-nyň baş keşbi janlandyran “Samaritan” filmi Amazon Prime-de çykýar
Gorkunç filmler koloriýany ýakýar we immun ulgamyňyzy güýçlendirýär. Bedeniňiziň gorkunç sahnalara reaksiýasy sebäpli köp mukdarda koloriýa ýakylýar. Mundan başga-da, gorkunç filmler immunitetiňizi güýçlendirýär.Şeýle filme tomaşa edeniňizden soň immun ulgamyny güýçlendirýän we beýnini kuwwatly ýagdaýda saklaýan köp mukdarda dopamin, glýutamin, serotin alýar.
Merjen Kaipowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy