Goý aglak diýsinler söýgiň öňünde,
Ýa emelsiz, başarnyksyz diýleýin.
Ajaldan dynsa bor bir ölüm bilen,
Emma sensizlikden nädip dynaýyn.
Sensizligi oýa getirmegem kyn,
Iň bolmanda sowgat et-de ölüm ber.
Yşk hanjarnyň awusyna dözerin,
Sebäp bolman döremeýär ölümler.
…Ölsem söýýän diýip gözýaşyň bilen,
Mazarymyň üstündäki daşa ýaz.
Men ýogalsam meni, ýerimi tutjak,
Goşgularym söýýän diýip ýaşadar.
Berdinazar Döwletow
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


