Minecraft wideo oýny Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan ähli döwürleriň iň köp satylan oýny diýlip atlandyryldy. Guramanyň resmi web sahypasynda oýnuň 16 ýylyň dowamynda 350 milliondan gowrak nusgasynyň satylandygy aýdylýar.
Minecraft aslynda Markus Persson tarapyndan 2009-njy ýylda döredildi we mugt alfa wersiýasy hökmünde çykaryldy. Oýnuň doly wersiýasy 2011-nji ýylyň 18-nji noýabrynda çykaryldy. Şondan soň taslama çalt meşhurlyk gazandy we 2014-nji ýylda Microsoft tarapyndan 2,5 milliard dollara satyn alyndy.
Soňky ýyllardaky ösüşler
“Ginnesiň rekordlar kitabyna” görä, oýun soňky iki ýylda öz rekordyny ep-esli täzeledi:
“2023-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda “Minecraft” satuwy 300 milliondan geçdi, bu bolsa şu derejä ýeten ilkinji wideo oýun boldy” diýip, guramanyň web sahypasynda aýdylýar.
Häzirki wagtda “Minecraft” kompýuterlerde, mobil enjamlarda we VR platformalarynda elýeterlidir we dünýäde 200 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar.
Satuw boýunça Minecraft-yň iň ýakyn bäsdeşi Grand Theft Auto V (GTA V). 2013-nji ýylda Rockstar Games tarapyndan çykarylan oýun häzir 215 milliondan gowrak nusgada satyldy.
Oýnuň döwrebaplaşdyrylmagy
Minecraft-yň üstünligi diňe oýun dünýäsinde däl, eýsem kinoda hem dowam edýär. Oýun esasynda döredilen “Minecraft: The Movie” filmi 2025-nji ýylyň aprelinde uly ekranda görkezildi.
Film Warner Bros tarapyndan öndürilýär. Bu studiýanyň şu ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň biri bolup, sentýabr aýynda 950 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu üstünlikden soň, kompaniýa 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykarylmagy meýilleşdirilýän dowamynyň üstünde iş başlandygyny yglan etdi.
Agamyradow Şamyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby




