Köne dial-up modemiň sesini ýa-da disketalary küýseýärsiňizmi? Ýa-da sosial torlardan öňki internetiň nähili bolandygyny ýada salmak isleýärsiňizmi? Opera brauzeri 2026-njy ýylda özüniň 30 ýyllyk ýubileýini belleýär we bu şanly senäniň hormatyna döredijiler tehnologiýa muşdaklary üçin ajaýyp bir sowgat taýýarladylar: Web Rewind atly interaktiw portal.
Bu diňe bir gury taryhy makala däl. Web Rewind — 1995-nji ýyldan başlap, her ýyl boýunça tertiplenen hakyky interaktiw arhiwdir. Her ýyl üçin häzirki zaman web-dünýäsini kemala getiren esasy wakalar jemlenipdir: Google-yň peýda bolmagyndan başlap, MySpace-iň meşhurlaşmagyna we ilkinji Tweet-lere çenli.
Bu portaly näme üýtgeşik edýär?
Onuň interaktiwligi! Siz diňe bir maglumatlary okaman, eýsem olar bilen täsirleşip bilýärsiňiz. Mysal üçin, 1995-nji ýyly saýlanyňyzda, köne görnüşli klawiaturany basyp, retro syçanjygy (mouse) tykyldadyp, köne monitoryň 3D modelini aýlap we şol wagtky adaty sesleri diňläp bilersiňiz.
Eger-de internetiň nähili ösendigini ýatlap (ýa-da ýaş bolsaňyz, öwrenip) lezzet almak isleseňiz, Web Rewind portalyna hökman göz aýlaň.


