1-nji aprelde Gülki güni ýa-da Tentekler güni bellenilýär. 2026-njy ýylda bu sene çarşenbe gününe gabat gelýär. Ýylyň iň şadyýan baýramynda dost-ýarlaryňyň, garyndaşlaryňyň we kärdeşleriňiň üstünden degişmek we olar bilen oýun etmek adat bolup galypdyr. «РБК Life» neşiri bu däbiň nireden gelip çykandygy we Russiýada 1-nji apreliň ilkinji gezek haçan bellenilendigi maglumat berýär.
1-nji apreliň taryhy: Gülki güni nähili ýüze çykdy
Dürli ýurtlarda 1-nji apreli Tentekler güni hökmünde bellemek däbi birnäçe asyr bäri (belki, ondan hem köp wagt bäri) dowam edip gelýär, ýöne baýramyň takyk gelip çykyşy nämälimdir.
Iň meşhur çaklama 1564-nji ýylda fransuz koroly Karl IX-uň çykaran permany — Russilýon edikti bilen baglanyşdyrylýar. Şoňa çenli Täze ýyl baýramçylyklary her ýazda, aprel aýynyň dürli günlerine düşýän Paskha (Isanyň direlmegi) baýramy bilen gabat gelýärdi. Hökümdar täze kanun arkaly ýylyň indi 1-nji ýanwardan başlanýandygyny yglan etdi. Perman çap edilenden soň hem käbir fransuzlar täze ýyly ýazda bellemegi dowam etdirdiler: käbiri köne däp-dessurlara wepaly galmak isledi, käbiri bolsa habarlary yzarlap ýetişmedi. Şeýle adamlary aprel tentekleri diýip atlandyryp başladylar: olar täze ýyly bütin ýurtdan üç aý gijräk garşylaýardylar, şol sebäpli olaryň üstünden gülýärdiler.
Ikinji teoriýa ýazky gije-gündiziň deňleşmegi — gündiziň we gijäniň dowamlylygynyň deň bolan güni bilen baglanyşyklydyr. Ýazky gije-gündiz deňleşmesinden soň astronomik hasaplamalara görä ýaz resmi taýdan başlanýar. 2026-njy ýylda bu sene 20-nji marta gabat gelýär. Russiýada bu döwür barada: «Mart geldi — ýedi gat geýin» diýýärler. Aprel tentekleri — howanyň duýdansyz üýtgemegi bilen aldanan adamlardyr.
Tentekler gününiň gelip çykyşynyň başga bir meşhur teoriýasy gadymy rimlileriň Hilariýa (Hilaria) festiwaly bilen baglanyşyklydyr. Ol martyň ahyrynda ýa-da apreliň başynda hudaýlaryň we ähli janly-jandarlaryň enesi Kibelanyň hormatyna geçirilipdir. Beýleki güýmenjeleriň arasynda rimliler maskaradlary hem gurnapdyrlar. Eger lybasly adamy tanap bilmeseň, aprel tentegi hasaplanypdyr.
Käbir alymlar Tentekler gününiň bellenilmegine ilkinji yşaratyň XIV asyryň ahyrynda edebi çeşmelerde ýüze çykandygyny çaklaýarlar. Takmynan 1390-njy ýylda Jefri Çoser «Monastyr kapellanynyň hekaýasyny» ýazypdyr. Eseriň sýužetine görä, Tilki Şantekler atly horazy aldawa salýar, bu bolsa «martyň başyndan 32 gün geçenden soň», ýagny 1-nji aprelde bolup geçýär. Senäniň degişmeler we aldamak bilen baglanyşdyrylmagy, Tentekler gününiň eýýäm Orta asyrlarda bellenendigine yşarat edýär diýlip hasaplanýar. Emma, käbirler göçürijiniň ýalňyşlyk goýandygyny we awtoryň «martyň ahyryndan 32 gün» — 2-nji maýy göz öňünde tutandygyny hasaplaýarlar.
Baýramçylyk kontekstinde tentekler barada ilkinji agzalmanyň 1561-nji ýylda Eduard de Deneniň goşgysynda peýda bolmagy has ähtimallydyr. Şygryň mazmunyna görä, hyzmatkära gülkünç we manysyz tabşyryklar berilýär, olary ýerine ýetirýän wagtynda bolsa onuň hakyky borçlar däl-de, 1-nji aprel mynasybetli berlen samsyk tabşyryklardygyna (fool’s errands) düşünýär.
Russiýada 1-nji aprel Ýewropa nusgasyna eýerip, Pýotr I-niň tagallasy bilen bellenilip başlanypdyr. Onuň bu baýram babatda ýaşlyk ýyllaryny geçiren nemes obasyndaky ýewropalylardan öwrenendigi barada çaklama bar.
Dürli ýurtlarda Gülki gününiň däp-dessurlary
Dünýäniň tas ähli künjeginde 1-nji aprelde degişýärler we göwün açýarlar, ýöne her ýurtda munuň özboluşly usullary bar. Ine, Tektekler gününde planetanyň dürli künjeklerinde nämelere gülýärler:
Russiýa
Diňe Russiýada: «1-nji aprel — hiç kime ynanma» diýen jümle ulanylýar. Bu aýtgynyň ýüze çykyşy barada bir rowaýat bar. Pýotr I halka Ýewropa däp-dessurlaryny ornaşdyrmak üçin «şadyýanlyk reformasyny» geçirdi. 1690-njy ýyllaryň başynda Russiýada «Ähli degişmeçileriň, ähli meýhorlaryň we akylsyzlaryň soýuzy» (Всешутейший, всепьянейший и сумасброднейший собор) peýda boldy, dürli gatlaklaryň arasynda yzygiderli meýlisler gurnaldy, Newa derýasynyň üstünde bolsa feýerwerkler atyldy. Patyşa şadyýanlygy we degişmeleri gowy görýärdi, şol sebäpli hem 1-nji apreliň bellenilmegini goldaýardy.
Rowaýata görä, günleriň birinde Gülki gününde Peterburga artistler gelýär. Spektaklyň mahabaty şeýle bir güýçli edilýär welin, hatda ähli ýer dolýar: tomaşaçylaryň arasynda Pýotr I-niň özi hem bar eken. Sahna perdesi galdyrylýar, ýöne adamlar oýun görmegiň deregine: «Birinji aprel — hiç kime ynanma» diýen ýazga duş gelýärler. Artistler hemme kişini aldawa salypdyrlar: imperator bolsa muňa ýumor bilen garapdyr.
Hindistan
Gülki güni belli bir derejede häzirki wagtda martyň ahyrynda bellenilýän hindi festiwaly — Holi baýramyny ýatladýar . Köçelerdäki adamlar hudaý Krişnanyň özüni alyp barşyny gaýtalap (imitasiýa edip), şadyýanlyk edýärler we edep kadalaryna üns bermeýärler.
Käbir ýurtlarda Holi baýramyny «reňkler baýramy» ýa-da «reňkler festiwaly» diýip hem atlandyrýarlar. Holi wagtynda adamlar biri-birine reňkli poroşokly paketleri zyňýarlar we biri-biriniň üstüne reňkli suw dökýärler.
Fransiýa
Gülki gününde Fransiýada dost-ýarlaryň we tanyşlaryň arkasyna duýdurman kagyzdan ýasalan balygy ýelmemek hem-de olary «aprel balygy» diýip degişip, gülüşmek özboluşly bir däbe öwrülipdir.
Şahyr Eloý d’Ammerwal 1508-nji ýylda ýazan eserleriniň birinde ýazky baýram bolan «poisson d’avril» — terjime edilende «aprel balygy» barada agzap geçipdir. Şol wagtdan bäri fransuzlar 1-nji aprelde degişmelere ýa-da oýunlara ynanan adamlara «aprel balygy» diýýärler. Bu aýtgynyň ýüze çykmagynyň ähtimal sebäbi, ýazyna balygy çeňňek bilen tutmak örän aňsatdyr: sebäbi ol heniz ýaş we ynanjaňdyr.
Beýik Britaniýa
Angliýada ýerli habar beriş serişdeleri tomaşaçylaryň üstünden degişme etmegi gowy görýärler. The Guardian gazeti 1977-nji ýylda baýramçylyk mynasybetli oýlanyp tapylan hyýaly San-Serif atly ýurt barada makala çap etdi.
BBC teleýaýlymy hem tomaşaçylary yzygiderli aldap gelýär. 1957-nji ýylda žurnalistler agaçlardan spagetti hasylynyň ýygnalyşy barada reportaž çykardylar. 1965-nji ýylda telewizorlaryň ýakyn wagtda yslary hem ýaýlyma berip başlajakdygyny habar berdiler. 2008-nji ýylda bolsa uçýan pingwinler barada wideoşekil ýaýlyma goýberildi.
Şotlandiýada 1-nji aprele Huntigowk Day diýilýär — bu «hunt the gowk» sözüniň gysgaltmasydyr. «Gowk» sözüniň birnäçe manysy bar: «gök garga» (guguk guşy), şeýle hem «akmak» ýa-da «Tentek» . Netijede, 1-nji aprel «gök garga awy» ýa-da «tentek awy» güni diýmegi aňladýar. Akmak ynsan ýa-da haýyşlar bilen aldanyp, degişme gurbany bolan adam bu günüň «awuna» öwrülýär.
2-nji aprelde Şotlandiýada baýramçylyk dowam edýär we ol Guýruk güni (Tailie Day) diýlip atlandyrylýar. Bu günüň esasy däbi — kimdir biriniň arkasyna kagyzyndan ýasalan guýrugy ýa-da ýüzüne «Meni dep» diýen ýazgy bolan kagyz bölegini bildirmän ýelmemekdir.
ABŞ
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 1-nji aprelde diňe bir dost-ýarlaryň däl, eýsem mugallymlaryň üstünden hem degişmek däp bolup galypdyr. Köplenç okuwçylar synp otagyna girip, gapyny içinden gulplaýarlar we mugallymy içeri goýbermeýärler. Bu ýagdaý barada mekdep müdirine arz etmek edepsizlik hasaplanýar: iň gowusy — bileje gülşüp, «Görnüşine görä, sapaklar ýatyrylýar öýdýän» diýen ýaly degişme sözler bilen jogap berip, ol ýerden gaýtmak maslahat berilýär.



