Her gün öýden işe, dükana, gezelenç etmek üçin müňlerçe ädim ädýäris. Bütin ömrümizde näçe aralyk geçýändigimiz hakda pikir edip gördüňizmi? Alymlar ortaça hasap bilen adamyň ömründe ýeriň ekwatoryna üç gezek aýlamak üçin ýeterlik aralyk geçendigini hasapladylar.
Bu mümkinmi?
Geliň, düşüneliň. Ýeriň ekwatorynyň ortaça aýlawy takmynan 40,075 kilometre barabardyr. Bu sany üçe köpeltsek, 120,225 kilometr hasabyny alarys. Bu, ortaça adamyň ömründe pyýada ýöräp geçip biläýjek aralygydyr.
Elbetde, bular ortaça maglumatlar. Sport bilen meşgullanýan ýa-da aýak üstünde işleýän işjeň adamlar köp aralyk geçýärler we has öňe gidýärler. Ýöne, umuman aýdylanda, bu täsir galdyryjy pikir.
Uzak aralygy geçmeklige sebäpler:
- Çagalykda we ýetginjeklikde garrylyk döwrüne garanyňda has işjeň bolýarys.
- Sport bilen meşgullanýan ýa-da aýak üstünde işleýän adamlar has köp ýörärler.
- Şäher ilaty oba ilatyndan has köp ýörär.
- Maýyp adamlar az hereket edýärler.
Gyzykly maglumatlar:
- Ortaça adam günde takmynan 10,000 ädim ätýär.
- Bir ýylyň dowamynda bu takmynan 3,65 million ädimdir.
- Ortaça ömri 70 ýyl diýip hasaplasak, ömrüň dowamynda adam takmynan 255 million ädim ätýär.
- Bu aralygy göni çyzyk bilen geçip bilsek, Aýa üç gezek diýen ýaly gidip gelerdik!
Pyýada ýöremek näme üçin möhüm?
Pyýada ýöremek diňe A nokatdan B nokada çenli ýöremeklik bilen çäklenmän,bu sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegidir. Pyýada ýöremeklik ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, şähtiňi açýar, we köp keselleriň döremek howpuny azaldýar.
Indiki gezek gezelenje çykanyňyzda, her ädimiňiziň ýer ýüzünde üç gezek aýlanmak maksadyňyza ýakynlaşýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň!
Kuwwat Aşyrow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby