Älemgoşar ewkalipti (Mindanao sakgyjy) ajaýyplygy bilen haýran
galdyrýan geň we örän owadan ösümlikdir. Oňa seredeniňde,
gabygyň açyk reňkler bilen göýä suratkeş tarapyndan boýalan dek
duýmak bolar.
Emma bu tebigatyň döreden sungatydyr. Onuň gabygy ilki bilen
ýaşyl reňk alýar. Ösüş döwründe reňki üýtgäp, gök, gyrmyzy, mawy
bolýar. Şeýle hem gabygyň üstünde mämişi, sary zolaklar peýda
bolýar.
Gabygy kagyz önümçiliginde ulanylýar. Agajyndan, ýapraklaryndan
mebeller ýasalýar we ösümligiň bölekleri derman öndürmek üçin
hem ulanylýar. Ewkaliptiň bir aýratynlygy, dezinfeksiýa häsiýetleriniň
bolmagy bilen, dürli kesellere duçar bolmazlygydyr. Şonuň üçin hem
mebelleri himiki serişdeler bilen bejermek zerurlygy ýüze çykmaýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.