Ýazmak, hereketleri öwreniş strategiýasy hökmünde ulanylanda, beýniniň has köp bölegi işjeňleşýär, bu hem has çylşyrymly nerw ulgamynyň döredilmegine getirýär. Başgaça aýdylanda: Klawiatura bilen däl-de, elde galam bilen ýazmak, zatlary tiz ýatlamaga gowy kömek edýär. Muny birnäçe ylmy gözlegler subut etdi.
Tiz ýat tutmak üçin näme etmeli?
Norwegiýanyň Ylymlar we Tehnologiýalar Uniwersitetiniň psihologiýa ylmy barlag gözlegçileri F. R. Van der Weel we Audreý L. H. Van der Meer tarapyndan geçirilen bu gözlegde, 36 talyp, “Pictionary” oýunyndan saýlanan dürli sözleri, planşet we klawiatura bilen ýazdylar, olaryň kellesinde bolsa 256-kanally sensor datçik ýerleşdirdiler. Şunluk bilen gözlegçiler, beýniniň iki tarapynyň arasyndaky baglanyşygyň näderejede güýçlenýändigini anyklamaga synanyşdylar. Ýöne netije galam bilen ýazmak ýatlamagyň özenidigini subut etdi.
Netijede elde galam bilen ýazmak klawiaturada ýazmaklyga garanda has köp aratapawudynyň bolandygyny we bu iki işiň dürli kognitiw prosessleri öz içine alýandygyny ýüze çykaryldy. Galam bilen ýazyp bellik edilende, üns hereketleriň köpüsini talap edýär, bu bolsa edil şol işiň üstünde üns berip ýazmaga mejbur edýär. Klawiatura bolsa, mehaniki we gaýtalanýan hereketleri talap edýär, bu bolsa ünsden tizlik ugruna geçmäge sebäp bolýar.
Baýmyrat Arazow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby



