Bütindünýä ýylgyryşlar güni her ýylyň oktýabr aýynyň birinji anna güni bellenilýär. Bu baýramçylygyň gelip çykyş taryhy ABŞ-ly suratkeş Harwi Bill bilen baglanyşyklydyr. 1963-nji ýylda Amerikanyň ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekilleri kompaniýa kartyny ýagny, ýatda galjak nyşan oýlap tapmak haýyşy bilen ýüzlenipdirler. Suratkeş derrew olara öz işini teklip edip, 50 dollar işleýär. Harwi Billiň olara eden teklibi häzirki internet ulanyjylaryň “smaýlik” nyşanydy. Kompaniýa nyşanlary taýýarlap, işgärlerine paýlaýar. Bu bolsa örän uly üstünliklere getirdi.Birnäçe aýlap ýylgyrýan ýüzler diňe wizit kartlarda däl eýsem, ähli ýere ýaýraýar.Amerikanyň Birleşen Ştatlary hatda ýylgyryp duran poçta markasyny hem çykarýar. Bollyň soňky aýtmalaryna görä, bu nyşany döretmek üçin 10 minut wagtynyň gidendigini belleýär.Ilkinji bütindünýä ýylgyryşlar güni 1999-nji ýylda bellenilip geçilipdir.Suratkeş bu güni şadyýanlyga, peşgeş bermeli diýipdir. Günüň jümlesi: “Haýyrly işleri et.Iň bolmanda bir gülkiniň döremegine ýardam et”. Ýygy-ýygydan ýylgyryň şonda daş-töweregiňizdäki dünýä has hem şadyýan görner.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby