Weather Data Source: wetterlabs.de
DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW «KURULUŞ: OSMAN» TÜRK SERIALYNDA KEŞP JANLANDYRÝAR

DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW «KURULUŞ: OSMAN» TÜRK SERIALYNDA KEŞP JANLANDYRÝAR

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» türk serialynda keşp janlandyrýar. Bu barada türgeniň «Instagram» hasabynda mälim edildi.

Türgeniň «Instagram» hasabyndaky maglumatlara görä, «Kuruluş: Osman» türk serialynyň 8-nji iýunda sagat 22:00-da ýaýlyma beriljek 97-nji bölüminde Döwletjan Ýagşymyradowyň keşp janlandyrýan sahnasynyň görkezilmegine garaşylýar.

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy

Ýeri gelende bellesek, birnäçe gün mundan ozal, türgeniň «Instagram» hasabynda serialyň surata düşürilişinden pursatlar paýlaşylypdy.

Serialy görmek üçin aşakdaky surat baglanyşygyna basyn!

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın