Biziň halkymyzda Täze ýyl baýramçylygy maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Biz bu baýramçylygy
bereketli saçagyň daşyna bütin maşgalamyz jemlenip belleýäris. Dünýä ýurtlarynda-da Täze ýyl güni
edilýän dürli adatlara duş gelmek bolýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.
Danimarka: gapynyň öňüne döwlen tabaklary goýmak adaty. Danimarkalylar 31-nji dekabrdan öň ähli
ulanmaýan tabaklaryny gapynyň öňünde goýýarlar. Bu adat olarda Täze ýylyň bereket getirmegi üçin
edilýär.
Şwesariýa: ýere buzgaýmak zyňmak adaty. Şwesariýa şokoladyň watany hasaplanýar. Bu ýurtda Täze ýyl
güni ýere bir top buzgaýmak zyňylýar. Munuň sebäbi ýere zyňlan şol top buzgaýmak Täze ýylda bolluk we
bereket getirýändigine ynanylmagydyr.
Kanada: buzly suwa çümmek adaty. Gyş howasy örän sowuk bolan Kanadada adamlar Täze ýyl günleri
buzly suwda ýüzýärler. Olarda bu adat 1920-nji ýyllardan bäri dowam edip gelýär.
Kümüş GURBANBAÝEWA,
TOHI-niň Agrohimiýa we topragy
öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby