Her ýylyň sentýabr aýynyň 25-inde farmasewtleriň hünär baýramçylygy — Bütindünýä farmasewtler güni bellenilýär. Bu sene Halkara farmasewtika federasiýasynyň (HFF) döredilen gününe bagyşlanýar. Bu gurama 1912-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkiýede geçirilen Bütindünýä farmasiýa we farmasewtika ylymlarynyň kongresiniň işinde döredildi. Şondan bäri her ýyl bu baýramçylyk bu hünärmenleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, abraýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de bu hünärleri wagyz etmek üçin bellenilýär. Bütindünýä farmasewtleriň gününi bellemek üçin HFF-da wekilçilik edildi. Halkara farmasewtika federasiýasy 3 milliona golaý derman senagatynyň hünärmenlerini özüne birikdirip, oňa 146 sany ýöriteleşdirilen gurama girýär we goşmaça 4 müňe golaý agza bu işe gatnaşýar. Farmasewtiň wezipesi uly ähmiýete eýedir.
Guli UMIDŽANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby