Alymlar süýümlerinde fluoressent molekulalary bolan gowaçany ösdürip ýetişdirmek bilen, garaňkyda ýagtylyk saçýan pagta döretdiler. Bu barada “Science” žurnalynda habar berilýär.
“Alymlar akylly matalary işjeň ýagdaýda öndürýärler. Synagymyzda, funksional molekulalar glýukoza ýaly beýleki gurluşlar bilen bilelikde funksional sapak emele getirmek arkaly dokalýar “-diýip, synagyň awtory Filipp Natalio belläp geçýär.
Alymlar gowaça ony iýmitlendirýän we islegi kanagatlandyrýan häsiýetleri bilen üpjün edip biljek suwy goşmak kararyna geldiler. Alymlar iki molekulany birleşdirip, biri ösümlikler tarapyndan tebigy öýjüklere geçirilýän, beýlekisi bolsa ýagtylyga sebäp bolýan, ýagty saçýan ösümlik süýümlerini alýarlar. Soňra bu süýümden, fluoressent ýagtylygynyň täsirinde ýagty saçýan görnüşde mata ýasalyp bilner.
Synagda alymlar ýagtylyk saçýan pagta suwda ösdürip ýetişdirdiler, soňra aýratyn ösdürilip ýetişdirilen we ahyrynda iki molekulanyň garyndysy bolan suw bilen iýmitlendirilen tohum düwünçeklerini ýygnadylar. Alymlar 20 günden soň pagtany ýygnap, synagdan geçirdiler. Olar molekulalaryň, takmynan, 5% -iniň süýüme ýetendigini anykladylar. Bu bolsa, pagta süýümleriniň fluoressent ýagtylyga sezewar bolanda ýaşyl öwüsmegine sebäp boldy.
Bu gözlegiň awtorlarynyň pikiriçe, bu hadysa bambukdan ýa-da zygyr matadan ýasalan beýleki materiallar bilen gaýtalanyp bilner.
Ogulnur BAÝRYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby